Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki häzirki iki sany ýaramaz ýagdaýyň täsir edýändiginden ugur alsaň, ýagny koronawirus ýokanjyna we gazna bazaryndaky düýpli meselelere, şeýle hem nebitiň we gazyň dünýä bazaryndaky ýagdaýyna garamazdan, bu pudagyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işleriniň kanagatlandyrmaýandygyny aýtdy.
Köp zawodlarda mineral dökünleriň önümçiliginiň pese düşmegi zerur gorlary döretmäge mümkinçilik bermeýär. Ykdysady taýdan çekilen ýitgileriň öwezini dolmaga we makroykdysady durnuklylygy üpjün etmäge şert döretmeýär.
Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygymyzyň ýubileý ýylynda örän köp sanly dürli desgalary ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulandygyny aýtdy. Ýöne, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, wise-premýer Ş.Durdylyýewe gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmek we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almak tabşyryldy. Milli Liderimiz gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, ýakyn wagtda Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek barada wise-premýere tabşyryk berdi.
Dünýäde emele gelen kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik hem-de aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny dowam etmeli diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere köpräk maýa goýumlaryny tapyp, gurluşyk we senagat pudaklaryna çekmek tabşyryldy.