Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow hem-de bilim ministri M.Geldinyýazow dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, degişli düzümlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Wise-premýer gözegçilik edýän saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyp, ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagyna garşy anyk we toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.
Bilim ministri M.Geldiniýazow döwlet Baştutanymyzyň ylymly-bilimli sagdyn nesilleri kemala getirmek, täzeçil tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykdy meseleleri işjeňleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerde dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzda ýaýramagynyň öňüni almak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi hem-de bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagyna garşy toplumlaýyn çäreler görülýär
Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagyna garşy toplumlaýyn çäreler görülýär
