8-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirine garşy göreşmek meseleleri we Türkmenistana bu keseliň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, bilimiň, ylymyň hem-de önümçiligiň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak wezipelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz bu howply keseliň Türkmenistanyň çägine mundan hem beýläk ýokuşmaz ýaly degişli işleriň öz wagtynda geçirilendigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu çylşyrymly ýagdaýyň dünýäde dowam edýändigini nazara alyp, mundan beýläk hem onuň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ähli tagallalar edilmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän zerur çäreleriň yzygiderli
hem-de hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanda koronawirusyň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreler maslahatlaşyldy
Türkmenistanda koronawirusyň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreler maslahatlaşyldy
