Real Madridde, Barselonada we Atletikoda bitiren işleri bilen tanalýan serbiýaly futbol tälimçisi Radomir Antik 71 ýaşynda aradan çykdy diýip, Atletiko metbugat gullugy Twitter hasabynda habar berdi. Habarda: «Sport maşgalasy meşhur tälimçilerimiziň biri – Radomir Antiçiň aradan çykmagyna gynanç bildirýär. Siz hemişe biziň ýüreklerimizde ýaşarsyňyz. Rahat ýatyň» – diýilýär.
Serbiýanyň Futbol Bileleşiginiň we Belgrad Partizanyň habaryna görä, tälimçi uzak we agyr keselden soň duşenbe güni aradan çykdy. Onuň aradan çykmagynyň bütindünýä koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşyklydygy ýa-da däldigi heniz nämälim.
Antiç – taryhda Madridiň “Realyna” we “Atletikosyna”, şeýle hem “Barselona” ýolbaşçylyk eden ýeke-täk tälimçidir. Antiç 1996-njy ýylda “Atletiko” bilen ispan çempionatynda we Ispaniýanyň kubogynda ýeňiji bolup, aýdylyşy ýaly, “altyn dubl” edipdi.
Şeýle hem tälimçi Zaragoza, Real Madrid, Owiedo, Barselona, Selta, Serbiýanyň milli ýygyndysy we Hytaýyň Şandong Luneng we Hebei China Fortune klublary bilen işleşdi.