Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet abat — Döwlet abat»
žurnalynyň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýaşlary
watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky asylly ýörelgesini wagyz etmek, ýaş
zehinleri ýüze çykarmak, olary höweslendirmek we döredijilik üstünliklerine
ruhlandyrmak, ýaşlarda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň gulluk-
durmuşy barada oňyn jemgyýetçilik garaýşyny döretmek, şeýle-de 1941–1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň
görkezen deňsiz-taýsyz watansöýüjiligini dabaralandyrmak maksady bilen
döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz eserlerini 2020-nji ýylyň 25-nji apreline
çenli bäsleşige hödürleýärler. 2020-nji ýylyň 25-26-njy apreli aralygynda emin-
agzalar topary tarapyndan bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenilýär.
2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň
web-saýtynda ýeňijiler aýratyn habarda yglan edilýär.
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň
Merkezi edarasynda bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly
sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirilýär.
Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz —
https://milligosun.gov.tm/habar/uns-berin-baslesik-vw4MVwue3p.
«Serhet abat — Döwlet abat» žurnaly döredijilik bäsleşigini yglan edýär
