Bu günler dem alyş enjamlary hakda köp gürrüň edilýär. Dem alyş enjamlary ösen dem alyş ýokançlyklary bolan adamlara dem almaga kömek edýär. Häzirki wagtda bu enjamlar has köp adama gerek, sebäbi dünýäde Covid-19 wirusy adamlaryň öýkenini weýran edýär.
Soňky günlerde dem alyş enjamlary barada köp üýtgeşme boldy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp «General Motors» kompaniýasyna dem alyş enjamlaryny öndürmäge çagyrdy. Bu bilen bagly ýene bir ýakymly habar gelip gowuşdy. Ýagny…
Tesla kompaniýasynyň baş direktory Elon Mask kompaniýasynyň goşmaça dem alyş enjamlaryny tassyklandygyny we bu enjamlaryň koronawirusyna garşy göreşmek üçin has köp lukmançylyk enjamlaryna mätäç bolan hassahanalara mugt iberiljekdigini aýtdy.
Mask, özlerinde Saglygy goraýyş guramalary tarapyndan tassyklanan dem alyş enjamlarynyň bardygyny, olary ammarlarda saklaman, tizden-tiz zerur bolan hassalara paýlamalydygyny şertlendirýändigini belläp geçdi.
«Tesla»-nyň baş direktory Elon Mask mundan ozal Los Anjelesdäki we Nýu-Ýorkdaky hassahanalara eýýäm bu enjamlardan birnäçesini iberdi.
«Newashgabat».
Elon Maskyň täze global hereketi
