Häzirki wagtda Anderleht klubynyň ýarymgoragçysy Samir Nasri dereksiz ýitdi. Klub ony birnäçe hepdeden bäri gözleýär.
Belgiýalylar karantinden soň türgenleşige gaýdyp geldiler, ýöne Nasri klubyň düzüminde türgenleşige çykmady.
Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly karantin döwründe Anderlehtiň oýunçylary öýlerinde özbaşdak türgenleşip, özleriniň fiziki ýagdaýy barada maglumat berip durmaly edilipdi. Emma Samir bu wezipäni hem ýerine ýetirmedi.
Soňky gezek Dubaýda görlüpdir, ýöne häzir nirededigi belli däl. Onuň Instagram sahypasy iň soňky gezek 1-nji aprelde täzelenipdir.
Ýatladyp geçsek, Nasri öz karýerasynda Marsel, Arsenal, Mançester Siti ýaly toparlarda we Fransiýanyň milli ýygyndysynda oýnady.

«Newashgabat».