Angliýanyň Lankaşire şäherinde bir aýal üç aýlyk çagasynda koronawirus alamatlarynyň bardygyny habar berdi. Ýaş enäniň aýtmagyna görä, bu alamatlar gyzjagazynyň gyzgynynyň 38.5 dereje ýokarlanmagy bilen başlapdyr.
Şol gün çaganyň ejesi derrew tiz kömek çagyrypdyr we lukmanlar oňa öýden çykmazlygy maslahat berdiler. Ertesi gün bedeniniň gyzgynlygy +39.1 çenli ýokarlanan çaga dem almakda kynçylyk çekip başlapdyr. Bu gezek lukmanlar çagany hassahana äkitmeli bolupdyrlar.
Hassahanada ähli testlerden geçirilenden soň, gyzjagazda COVID-19 diagnozynyň bardygy mälim bolupdyr. Çaga iki günläp koronowirusa garşy bejergi alypdyr.
«Gyzym entek wirusdan doly azat bolanok. Dogrymy aýtsam, özümem bilemok, infeksiýa maňa-da ýokuşdymy ýa ýokmy. Şu wagt diňe kelle agyry meni biynjalyk edýär we hiç bir derman kömek edenok» diýip, şahsyýeti mälim bolmadyk zenan beýanat berdi.
«Newashgabat».