Dynç güni Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişi amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady.
Ir bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ady rowaýata öwrülen Ýanardag atly ahalteke bedewiniň hormatyna dikeldilen binanyň ýanyna geldi. Bu bedew Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilip, Watanymyzyň täze taryhynda ýurdumyzyň resmi nyşanyna öwrüldi.
Döwlet Baştutany «Ýanardag» binasynyň ýanynda welosipedli ýörişe başlady. Bu künjegiň gözelligi, gök öwüsýän baýyrlar sport bilen meşgullanmak üçin oňyn şerti üpjün edýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikden ak mermerli Aşgabadyň gözel keşbi görünýär.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek 2020-nji ýylyň bahar paslynyň ajaýyp gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde 20 kilometr ýol aşyp, Bitaraplyk binasynyň ýanynda welosipedli ýörişi tamamlady.
Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişi amala aşyrdy
