20-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş
guramasynyň Global aragatnaşyklar sekretariatynyň Ýewraziýa müdiriýetiniň
başlygy William Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn
görnüşinde duşuşyk geçirildi., diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty
habar berýär.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň
orunbasary ýolbaşçylyk etdi.  Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ykdysady
hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy,
şol sanda amala aşyrylýan taslamalar we çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukuplylygynyň
ösdürilmegi bilen bagly meselelere seredildi.  
Dünýäniň ykdysady ýagdaýyna täsir edýän howplar we wehimler barada
gürrüň edip, taraplar olaryň netijeli çözülmegi ugrundaky bilelikdäki çärelere
seredip geçdiler we ykdysady integrasiýasynyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar.