Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda 2020 — 2023-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň ikinji tapgyryny uýgunlaşdyrmak bilen baglylykda, Döwlet gümrük gullugy — UNCTAD — BMGÖM «Halkara hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň «Bir penjire» toruny ornaşdyrmak» atly bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek meselelerine esasy üns berildi.
Taraplar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmäge gyzyklanmalaryny tassyklap, Türkmenistanyň Söwda we ösüş boýunça UNCTAD Geňeşine girmegi bilen baglanyşykly meselelere garadylar, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda pikir alyşdylar.
Häzirki wagtda dünýäniň 195 ýurdunyň goşulyşan UNCTAD-nyň alyp barýan işleri halkara söwdanyň hem-de deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda degişli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanyň Söwda we ösüş boýunça UNCTAD Geňeşine girmegi bilen bagly meselelere garaldy
Türkmenistanyň Söwda we ösüş boýunça UNCTAD Geňeşine girmegi bilen bagly meselelere garaldy
