King kompaniýasy Android üçin “Crash Bandicoot Mobile” oýnunyň üstünde işleýär. Oýunyň asyl nusgasy 1996-njy ýylda “PlayStation” üçin ýörite döredilipdi.
“Crash Bandicoot Mobile” henizem işlenip düzülýär, şonuň üçin oňa girmek mümkinçiligi häzirlikçe çäkli ulanyjylarda bar. Dünýäniň dürli künjeginden bolan oýunçylar, oýnap görüp, oýny kemçilikler barlaýarlar. Munuň sebäbi, ýüze çykan kemçilikleri düzüjileriň düzedip ýetişmegi bilen baglanyşykly. Şeýle-de bolsa, oýun pursatyndan ilkinji ekran suratlary Internetde paýlaşyldy, şonuň üçin janköýerler häzirlikçe diňe grafikanyň we oýun oýnalyşynyňyň hiline baha berip bilerler.
Döredijiler Crash Bandicoot Mobile-iň üstünde gaty gowy işlediler. Ulanyjylar grafikanyň gowulaşandygyny bellediler, ýöne oýun dürli päsgelçilikler we bonuslar bilen tükeniksiz ylgawlardan doly. Şeýle-de bolsa, “Crash Bandicoot Mobileiň” döredijileri ilkinji PS-iň eýelerini begendirjek kanoniki atmosferany saklamagy başardylar.
Oýnuň resmi goýberiljek senesi, gynansagam, entek belli däl, ýöne “içerdäkiler” taslamanyň şu ýyl çykaryljakdygyny aýdýarlar.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Crash Bandicoot: “PlayStation” oýunlarynyň iň gowularynyň biriniň Android görnüşi çykaryldy
Crash Bandicoot: “PlayStation” oýunlarynyň iň gowularynyň biriniň Android görnüşi çykaryldy
