Riçard Giriň deň-duşlary eýýäm agtyk söýüp ýörkä  aktýor häzir hem atalyk
lezzetinden ganmagyny dowam etdirýär. Onuň 37 ýaşly aýaly – ispaniýaly žurnalist
Alehandra Silwa ikinji çagasyny dünýä getirdi. Ýyldyz maşgalasynyň köpelendigi
baradaky habar Ispaniýanyň "HOLA!" neşiri tarapyndan habar berildi! Žurnalyň
çeşmesi çaganyň dünýä inendigi baradaky habary tassyklady we är-aýalyň Nýu-
Yorkorkuň golaýyndaky Pound Ridge fermasynda karantinde bolandygyny aýtdy.
Çaga Gir we Silwanyň aýratynlykdaky üçünji, bilelikdäki bolsa ikinji çagasy
boldy. Riçardyň 20 ýaşly ogly – Gomer bar, ol Giriň model Keri Lowell bilen
gatnaşygy wagtynda dünýä indi; Aleandranyň öňki adamsy telekeçi Gowind
Fridlendden alty ýaşly ogly Albert bar.
Silwanyň ikinji göwreliligi geçen noýabr aýynda belli boldy. Ondan dokuz aý
öň ol Girden ilkinji çagasy Aleksandry dünýä getirdi.
Riçard we Alejandra 2014-nji ýylda tanyşdylar. Aktýor uzak wagtlap onuň
ugrunda gezdi we 2018-nji ýylda ony aýal edindi.