«Instagram»-yň 2018-nji ýylda çykan wideo platformasy bolan IGTV henizem
tomaşaçylaryň agramly böleginiň ünsüni çekip bilmedi. Hususan-da, IGTV
programmasynyň has köp ulanyjy tarapyndan ýüklenilmegini isleýän Instagram, IGTV-
nyň dizaýnyny täzeledi. IGTV-iň täzelenen dizaýnynda mazmun öndürijiler aýratyn
görkezilýär. Instagram öz beýanynda mazmun öndürijilere ünsi çekmek üçin IGTV baş
sahypasyny düýbünden täzeländigini mälim etdi.
Bu täze dizaýn bilen, ulanyjylar IGTV açanda programmanyň ýokarsyndaky
"meşhur mazmun öndürijiler" bölümini görerler. Bu bölümdäki ähli mazmun öndürijileri,
ulanyjynyň yzarlaýan hasaplaryna we gyzykly hasaplanýan mazmuna görä saýlanýar.
Şeýle hem, IGTV-iň dizaýnynyň üýtgemeginde täze Gözleg tablisasyna eýe bolandygyny
hem bellemeli.
Ahyrynda, IGTV wideolarynyň Instagram-da görnüşiniň üýtgändigini belläliň.
Hekaýalara goşulan IGTV wideolary indi diňe bir çarçuwa ýaly görünmez. Muňa derek,
ulanyjylar hekaýanyň üsti bilen 15 sekuntlyk IGTV wideosyny görüp bilerler. Şeýlelik
bilen, ulanyjylar wideonyň üstüne basmak bilen wideonyň doly görnüşini görüp bilerler.
Bu täzelikleriň netijesinde, IGTV-ni has elýeterli edýän Instagram, mazmun
öndürijileri özüne çekmegi dowam etdirmek isleýär. «YouTube» ýaly uzyn wideo
formatyna ünsi jemläp, kompaniýa mazmun öndürijileriň goşantlary bilen platformany
aýaga galdyrmaga synanyşýar.

«Newashgabat».