Tiz tagam zynjyry «Makdonalds», asly afrikalylaryň köp ýaşaýan ýeri bolan
Hytaýyň Guançžou şäherindäki şahamçasy bolan restorana garaýagyzlary salmaýandygy
üçin ötünç sorady.
Kompaniýa, nahar almaga gelen afrikaly müşderä, restoranyň işgärleri tarapyndan
restorana girmek mümkinçiliginiň ýokdugyny duýdurandyklarynyň üstünde durup geçip,
şahamça işgärlerine şeýle ýagdaýlary aradan aýyrmalydygyny tabşyrandyklaryny aýtdy.
Aýratyn-da, ady agzalan şahamçada asylan «Afrikalylar girmeli däl» ýazgysynyň
aýrylandygy we şahamçanyň wagtlaýyn ýapylandygy habar berildi.
«Häzirki wagtda müşderilerimiziň hemmesi gyzgyny ölçelenden we ýerli hökümet
tarapyndan saglyk ýagdaýyny habar berýän QR kody görkezilenden soň,
restoranlarymyzyň hyzmatlaryndan bökdençsiz peýdalanyp bilerler» diýip, kompaniýa
tarapyndan bellenip geçildi.
Hytaýyň köp şäherlerinde, esasanam Guançžouda daşary ýurtlularyň, esasanam
garaýagyzlaryň «Covid-19»-yň ikinji tolkuny üçin jogapkärçilik duýmaýandyklary üçin
söwda merkezleri, restoranlar we hassahanalar ýaly köpçülik ýerlerine goýberilmän,
öýlerinden we myhmanhanalaryndan çykarylýandygy, köçelerde ýenjilýänligi barada
habarlar bar.

«Newashgabat».