Ilkinji gezek Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykan koronawirusyna ýolugan
adamlaryň sany 2,5 milliondan geçdi. Epidemiýa sebäpli dünýäde adam ýitgisi 177 müňe
golaýlady.
Ýakynda bolsa, Taýlanddan gelen habarlara görä, koronowirusdan ejir çekip ölen
adamdan hem wirusyň ýokuşyp biljekdigi mälim edildi.
BuzzFeed-däki habara görä, korona wirusy ölen adamdan kazyýet ekspertiniň
wekiline ýokuşypdyr. Taýlandda bolup geçen bu waka, ölen adamdan ýokuşan ilkinji
korona wirusy hökmünde hasaba alyndy.
Ýadyňyzda bolsa, «Ebola» jesetlerdenem ýokuşyp bilýän wiruslaryň biridigi ýüze
çykarylypdy. COVID-19 diýlip atlandyrylýan täze pandemiýanyň öli bedende näçe wagt
işjeň hereket edýändigi bolsa heniz takyk kesgitlenilmedi.
Habarlarda garaýyşlaryna orun berlen patologiýa professory Anjelika Kortals, diňe
bir saglygy goraýyş işgärleriniň däl, morgyň tehnikleriniň we jaýlanyş çärelerini alyp
barýanlaryň hem goralmalydygyny aýtdy. Hünärmenler korona wirusy bilen kesellänleriň
diridigine ýa-da ölendigine garamazdan, wirusa garşy gorag enjamlaryny ulanmalydygyny
bellediler.
«Newashgabat».