Dünýäniň iň uly we iň meşhur güýmenje merkezi bolan «Walt Disney World» bir
hepde soň 43 000 töweregi işgäre aýlyk tölemegi bes etjekdigini habar berdi. Dogrusyny
aýtsak, işgärlere berilýän ýeňillikleriň bir ýyla çenli saklanjakdygyny bellemelidiris. Bu
barada «Associated Press» habar berdi.
«Walt Disney World» şu ýylyň mart aýynyň ortalarynda koronawirus sebäpli
ýapyldy. Şondan bäri bu derejede ilkinji gezek işgärleriniň köpüsi işden aýrylýar.
Işgärler bir ýyla çenli saglyk ätiýaçlandyryşyny ulanyp bilerler.
Dynç alyş merkezi ýapylanda diňe möhüm jogapkärçilikli işgärler işlerini saklap
galdy. Bu 200 töweregi adamy aňladýar.
«Newashgabat».