Ispaniýanyň “Marca” neşiri ähli döwürleriň iň gowy futbolçysyny kesgitlemek maksady bilen, öz okyjylarynyň arasynda pikir soraşma geçirdi.

Ýaryşyň finalynda “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kristiano Ronaldu Barselonanyň hüjümçisi Lionel Messiden öňe saýlandy: 246 müň adam portugaliýaly futbolçaa, 209 müň adam bolsa argentinaly ýyldyza ses berdi.

Ronaldu finala barýan ýolda Paolo Maldini, Zinedin Zidan we Diego Maradona ýaly ägirtleri hem ozmagy başardy. Messi bolsa bu ýolda Ferens Puşkaş, Alfredo Di Stefano we Luiz Ronaldodan rüstem geldi.

Üçünji ýeri almak üçin ugrundaky “göreşde” Luiz Ronaldo Diego Maradonadan öňe geçmegi başardy.