“Mission Impossible” filminiň ýedinji we sekizinji bölüminiň premýerasyny yza süýşürmek karary “Paramount” tarapyndan berildi diyip, “Variety” neşiri habar berýär.
Başky meýilleşdirilişine görä, ýedinji bölümiň premýerasy 2021-nji ýylyň 21-nji iýulynda bolmalydy, indi bolsa filmiň görkezilişi yza – 2021-nji ýylyň 19-njy noýabryna süýşürildi. Filmiň sekizinji bölüminiň premýerasy 2022-nji ýylyň 5-nji awgustyndan şol ýylyň 4-nji noýabryna süýşürildi.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli tutuş dünýäniň kino pudagy birden togtadyldy. Bütin dünýäde kinoteatrlar ýapyldy we ähli kompaniýalar film önümçiligini togtatmaga mejbur boldular.