Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşyk geçirildi. Hans Klýuge ýurdumyzyň ilatyň saglygyny goramak ulgamynda gazanan uly üstünliklerine ýokary baha berip, şolaryň ählisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we enjamlaryny ulanmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Adamzada uly howp salýan koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Hans Klýuge golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlige salgylanyp, türkmen Lideriniň gymmatly başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sebit boýunça edarasynyň ýolbaşçysy jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýokançly keseller boýunça dünýädäki epidemiologik ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň ýardam bermeginde Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyklykda keselleriň öňüni almak we olary anyklamak boýunça yzygiderli işler ýola goýuldy.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler BSGG Türkmenistanyň saglygy goramak ulgamynda gazanan uly üstünliklerine ýokary baha berdi
BSGG Türkmenistanyň saglygy goramak ulgamynda gazanan uly üstünliklerine ýokary baha berdi
