Halkara alymlar topary Ýeriň taryhynda haýsy ýeriň iň howply ýer
bolandygyny kesgitledi. Takmynan, 100 million ýyl mundan ozal Sahara çölüniň
ýerleşýän ýerinde durmuş gaýnap-joşupdyr.
Alymlaryň pikiriçe, ozal bu ýerde ullakan derýa ulgamy bolupdyr. Şol
döwürde Saharada dürli uçýan süýrenijiler, häzirki krokodillere meňzeş gorkunç
ýyrtyjylar ýaşaýardy.
Paleontologlar gözleg geçirip, häzirki Saharanyň çäginde millionlarça ýyl
ozal şol döwrüň iň iri ýyrtyjy dinozawrlarynyň ýaşandygyny anykladylar. Muny
tassyklaýan tapyndylar Marokkanyň günorta-gündogaryndan tapyldy.
Alymlar Saharanyň gadymy döwürde Ýer ýüzünde iň howply ýer
bolandygyny bu sebitiň ýyrtyjylaryň esasy iýmiti bolan balyklara baýdygy bilen
düşündirýärler. Bu barada "Planet Today" habar berýär.