Ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kamskiý awtomobil zawodynda öndürilýän «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry Türkmenistana gelip gowuşdy. Şol tehnikalar «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri desgalarda ulanylar. Geçen ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan «KAMAZ» kompaniýasyndan awtomobilleriň hem-de ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň jemi iki müňe golaýy satyn alnar. Şu ýylyň dowamynda Russiýanyň iri awtoulag kärhanasyndan «KamAZ 6520» ýüküni özi düşürýän awtoulaglaryň eýýäm 181-si alyndy. Aşgabatda hereket edýän «KamAZ» söwda we okuw-hyzmat ediş merkezinde ulaglara tehniki taýdan doly hyzmat edilýär. Şeýle hem enjamlaryň, ulanmagyň, anyklaýşyň hem-de tehnikalaryň täze görnüşlerini abatlamagyň aýratynlyklaryny öwrenýän türkmen hünärmenleri okadylýar. Ulag düzüminiň ösdürilmegi, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli maksatly döwrebap awtoulag tehnikalary bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti yzygiderli pugtalandyrylýar.