Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda netijeli döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Şol gatnaşyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däpleri hem-de iki halky birleşdirýän asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy-medeni gatnaşyklar durýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, giň geografiki çäkleri gurşap alan hem-de köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus (COVID-19) pandemiýasy baradaky mesele gozgaldy. Bellenilişi ýaly, koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagy ählumumy häsiýete eýe boldy we dünýäde kynçylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ählumumy häsiýete eýe bolan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde edýän tagallalaryny doly goldaýar. Biziň ýurdumyz bu ýowuz howpa garşy netijeli göreşmek üçin ylalaşykly hereketlere gönükdirilen hem-de dünýäniň ähli halklaryna mahsus bolan iň gowy häsiýetlere, ýagny ynsanperwerlige, özara goldawa we raýdaşlyga daýanýan halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynyň diňe tagallalary birleşdirmek arkaly bu möhüm wezipäni çözmekde gowy netijeleri gazanyp biljekdigine ynam bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hasan Ruhani telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow we Hasan Ruhani telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
