BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri bilen iş onlaýn-duşuşygy geçirildi. Onuň gün tertibine barlaghana usuly bilen inçekeseli anyklamak meselesi boýunça pikir alyşmalar girizildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, bu ministrligiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkeziniň, şeýle hem M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Ilatyň arasynda köpçülikleýin sanjym we bejeriş işlerini yzygiderli geçirmek boýunça görülýän çäreler oňyn netijelerini berip, halkymyzyň saglygyny berkitmäge ýardam edýär.
BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda BSGG, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş etmek bilen Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň başyny başlaýar.