Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ş.Durdylyýew «Maryazot» önümçilik birleşiginiň önümçilik desgalaryny maýa goýumlaryny çekmek arkaly düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşiginiň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 450 müň tonna ammiak selitrasyny öndürmäge niýetlenendigi barada habar berildi. Kärhana ammiak öndürýän iki sany sehden ybaratdyr. Tehnologik enjamlaryň könelendigi bilen baglylykda, önümçilik birleşigini taslama kuwwatyna çykarmak üçin onuň esasy önümçiliklerini düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak zerurdyr.
Bu işleri Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak barada 2019-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň teswirnamasynda göz öňünde tutuldy.
Russiýa Federasiýasynyň birnäçe paýdarlar jemgyýetleriniň teklipleri giňişleýin öwrenildi hem-de azotly dökünleri öndürýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmakdaky uly tejribesi göz öňünde tutulyp, bu taslama maksada laýyk hasaplanyldy. Bu kompaniýalaryň wekilleri “Maryazot” önümçilik birleşiginde bolup, önümçilik desgalarynyň ýagdaýy bilen ýerinde tanyşdylar hem-de olary taslama kuwwatlylygyna çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygy barada deslapky çaklamany berdiler.
Rus kompaniýalarynyň tekliplerine laýyklykda, ammiak çig malyny, azot kislotasyny, ammiak selitrasyny öndürýän sehleri, suwy himiki taýdan arassalaýan desgasyny hem-de beýleki kömekçi desgalary tehnologik enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edip, kärhanany düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Bu işleriň ýerine ýetirilmegi ammiak selitrasynyň daşary ýurtlardan satyn alynmagynyň zerurlygyny aradan aýrar, kärhanany taslama kuwwatlygyna çykarmaga hem-de azotly mineral dökünleriň täze görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berer.