28-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Durnukly ösüş
maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek boýunça Halkara okuw
maslahaty geçirildi.
Okuw maslahaty 2022-2023-nji ýyllar üçin bellenen ösüşi maliýeleşdirmek
boýunça Ählumumy maslahata taýýarlygyň aralyk tapgyry we BMG-niň Baş
sekretarynyň 2020-nji ýylda öňe süren başlangyjy esasynda Türkmenistanda
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça Hereketleriň on ýyllygynyň
çäklerinde ýaýbaňlandyrylan çäreleri durmuşa geçirmegiň möhüm bölegi bolup
durýar.
Okuw maslahatynyň dowamynda düzümleýin mowzuk boýunça dört mejlis
geçirildi. Şolaryň birinjisinde COVID-19 ýokanjynyň durmuş-ykdysady ösüşe
ýaramaz täsirini peseltmekde halkara meselelerine goldaw bermegiň, ösüşi
maliýeleşdirmek boýunça 2020-nji ýyl üçin EKOSOS-yň forumynyň jemlerine
garaldy.
Onda makroykdysady syýasat üçin koronawirus ýokanjynyň
makroykdysadyýete täsirine hem-de ýetiren zyýanyna baha berildi. 2019-njy ýylyň
12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady
forumynyň netijeleri hem-de 2018-nji ýylyň 20-21-nji iýunynda Aşgabatda
geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin
hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Beýleki mejlisde pandemiýanyň ýaramaz täsirini peseltmek we
maliýeleşdirmegiň utgaşdyrylan milli gurallaryny kemala getirmek boýunça sebitiň
ýurtlarynyň tejribelerine garaldy hem-de seljerildi. Üçünji mejlisde pandemiýa
zerarly ýüze çykan durmuş-ykdysady kynçylyklary ýeňip geçmekde sebit
tagallalary we bu babatda halkara maliýe edaralarynyň orny hem-de olaryň
strategiýasy we işi baradaky meseleler dowam etdirildi.
Dördünji mejlis Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň sebit içi guralyna
bagyşlanyldy.
Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahat sorag-jogap
görnüşinde dowam etdi. Munuň özi maslahatyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Ara alyp maslahatlaşmalardan hem-de pikir alyşmalardan soňra COVID-19
ýokanjy zerarly emele gelen ykdysady, durmuş we maliýe häsiýetindäki
kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen nobatdaky bilelikdäki çäreler ylalaşyldy.
Olar maslahata gatnaşyjylaryň jemleýji beýannamasynda berkidildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary tarapyndan çagyrylan COVID-
19 döwründe we ondan soňky döwürde ösüşi maliýeleşdirmek boýunça ýokary
derejeli bu çäre hem pandemiýa şertlerinde durnukly ykdysady ösüşi goldamagyň
ählumumy, sebit we milli ileri tutulýan ugurlarynyň sinergiýa meselelerine
garamaga mümkinçilik berdi.