31-nji maýda paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň umumymilli baýramyna bagyşlandy. Bu iri pudaklaýyn gözden geçirilişi «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.

Söwda-senagat edarasynda guralan şu gezekki sergi-ýarmarkanyň çäklerinde diňe bir haly önümleri däl, eýsem, milli şaý-sepler, dokma önümleri, ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän başga-da köp sanly harytlar– gymmatlyklaryň 120-den gowragy görkezildi. Oňa meşhur halyçylar, işewürler, iri söwda kompaniýalarynyň, türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, medeniýet hem-de sungat işgärleri, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýurdumyzyň meşhur halyçylary gatnaşdylar.

Şeýle hem dabaranyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylyk kärhanalarynyň işgärlerini sarpalamak çäresi boldy.

Serginiň täsin gymmatlyklarynyň hatarynda alymlaryň Altaý daglaryndan tapan meşhur «pazyryk halysynyň» ajaýyp görnüşde dokalan täze nusgasy bar. Ol hut türkmen halylaryna mahsus bolan iki çitimli simmetriki usulda dokalandyr, onda däp bolan göller hem-de reňk toplumlary gaýtalanylýar.