Rus ülkesiniň merkezi şäherleriniň biri bolan Sankt-Peterburgyň eksperimental lukmançylyk institutynyň alymlary süýt önümi görnüşinde ulanmak mümkin bolan koronawirusa garşy waksinany döretmegi meýilleşdirýärler. Bu hakynda Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Wise-prezidenti Wladimr Çehonin habar berýär.

Onuň sözlerine görä, taýýarlamak göz öňünde tutulýan derman önümi bedene iýmit ýoly arkaly, aerozol ýa-da instilýasiýalar görnüşindäki kabul edilýän waksinalar görnüşine degişli bolup, edil şol görnüşdäki waksinalaryň görnüşlerinden bolan ýogurt şekiline getirilen.  Häzirde onuň klinik barlaglara çenli bolan synag amallary rus alymlary tarapyndan  dowam etdirilýär.

 

   Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby