Duşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimr Putin ýurtda koronowirus pandemiýasynyň dürli kynçylyklary ýüze çykarandygyna garamazdan 1-nji iýulda bütin Russiýa boýunça konstitusiýa özgertmeler girizmek boýunça ses berişlik geçiriljekdigini mälim etdi. Ady agzalan özgertmeler prezidentlik möhletini uzaltmak hakynda bolup, eger ol amala aşsa, 2024-nji ýylda ygtyýarlyklary tamamlanýan Wladimr Wladimirowiç Russiýanyň prezidentligine ýene iki gezek saýlanyp, 2036-njy ýyla çenli bu wezipede galmaga mümkinçilik gazanar.
Bu barada Wladimr Putin saýlaw we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen bolan wideo duşuşygynda şeýle diýdi: “Pandemiýa bilen bagly ýagdaý gowulaşyp adaty durmuşa dolandygymyzça, konstitusiýa düzüdişler girizmek baradaky işleri oýlap görmegimiz zerur”. Wideo duşuşygyň dowamynda Prezident resmi wekilleriň konstitusion referendumy 1-nji iýul güni geçirmek hakyndaky tekliplerini makullady we degişli guramaçylara ses berişlik wagtynda adamlaryň saglygyny goramak birinji orunda goýulmagy gerekligini tabşyrdy.
Aslynda Russiýanyň esasy kanunçylygyna özgertmeler hakyndaky ses berişlik şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirmek bellenilipdi. Emma Russiýada koronowirus pandemiýasynyň ýaramaz täsiriniň artandygy üçin bu saýlaw işleri wagtlaýyn yza süýşürilipdi.