Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky federal gullugy bilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri babatda üç günlük geňeş maslahaty boldy.
Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryna garşy aýgytly göreşip, bu wehimiň garşysyna göreşmek hem-de ony aradan aýyrmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar.
Geňeş maslahatyna gatnaşyjylar soňky ýyllarda bu ugur boýunça toplanan baý tejribä we halkara giňişliklerinde täze hil we mazmun bilen üsti ýetirilen hyzmatdaşlyga esaslanýan bilelikdäki gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.