3-nji iýunda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirildi.
Onda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri, ilkinji nobatda bolsa, COVID-19 ýokanjyna garşy bilelikdäki göreş ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň barşynda Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň lukmançylyk edaralarynyň gepleşiklere gatnaşýan ýolbaşçylary we işgärleri maglumat we tejribe hem-de howply ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de bejermek boýunça gazanylan tejribeleri we bilimleri almak üçin ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.