Ýewropa yklymynda ýerleşýän Polşa döwletinde 28-nji iýunda nobatdaky Prezident saýlawlaryny geçirmeklige taýýarlyk işleri gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar. Bu barada Seým (parlamentiň aşaky palatasy) spikeri Eljbeta Witek çarşenbe güni bolup geçen döwlet brifinginde mälim edendigini TWN24 teleýaýlymy habar berýär.

Aýdylyşyna görä, ses bermeklik garyşyk usulda alnyp barylar: raýatlar saýlaw uçastoklaryna baryp ýa-da poçta arkaly ses bermekleri mümkin bolar. Öýde  ses bermegi islän Polşa raýatlary 16-njy iýuna çenli habar bermelidirler. Daşary ýurtda ýaşaýan raýatlar bolsa 13-nji iýuna çenli ses bermek üçin degişli edaralara ýüz tutmaklary zerurdyr.

Ýatladyp geçsek, 7-nji aprel güni Polşanyň Seými tarapyndan saýlaw kodeksine özgertmeler girizildi. Täze kadalara görä, Prezident saýlawlaryna poçta arkaly hem ses berilmegi mümkin. Ady agzalan özgertmeler COVID-19 epidemiýasynyň raýatlaryň saglygyna zyýanly täsirini ýetirýändigi sebäpli saýlawçylar howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kabul edilipdi.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby