4-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de bu edaralaryň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp wezipeleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň Türkmenistany ösdürmegiň esasy ýörelgelerine hemmetaraplaýyn kybap getirmek bilen harby ulgamda bir bitewi döwlet syýasatyny ýöretmäge gönükdirilendigini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň geljekde hem harby-hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni täze tehniki serişdeler we enjamlar bilen ýetirmek, harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin has amatly şertleri döretmek üçin degişli çäreleri görjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.