Günorta Koreýa Respublikasynyň “Korea Advanced Institute of Science and Technology” (KAIST) ylmy-barlag merkeziniň hünärmenleriniň bir wagtyň özünde birnäçe görnüşe degişli patogenleri anyklap bilýän täze usulyň üstünde alyp baran barlaglary oňyn netijeleri berdi. Maglumatlara görä, kesel anyklamaklygyň bu täzeçe usuly köpçülikleýin kesele netije goýmak gerek bolanda ulanylmagy mümkin hasaplanýar.
Günorta Koreýa alymlarynyň ýörite topary tarapyndan teklip edilýän täzeçe usulyň esasy aýratynlygy molekulalaryň funksional toparlaryny bir ugra gönükdirýän granunaly polimerleriň häsiýetlerinden peýdalanmak bolup durýar. Bu tehnologiýa wiruslary olaryň genom tertibini barlag etmezden anyklamak mümkinçiligini berer. Bu bolsa keselleri anyklamaklygy birnäçe esse sadalaşdyrar we ýeňilleşdirer.
Keselleri anyklamagyň bu täzeçe usulyny döretmegiň üstünde dynuwsyz işleri alyp baran esasy alymlaryň biri professor Şen Li täzeçe usul hakynda şeýle maglumatlary berýär: “Biz immunofermentli analiz (mälim antigen) antitela täsirleşmesine esaslanýan dürli hili pes molekulýar agyrlykdaky birikmeleri, makromolekulalary, wiruslary hem-de başgalary ýokary derejede we mukdaryny anyklamak üçin iki basgançakly döwürleriň analogyny döretmäge eýe bolduk. Iki hatarly RNK-lar floresan antibedenjikler sebäpli anyklandy”.
Bellenilmegine görä, döredilen platforma RNK gatyşmasyndaky uzyn iki hatarly RNK-lary wizual görmek we öýjükleriň düzümindäki wirus galyndylaryny we yzlaryny anyklamak gerek bolanda ulanylar. Ýakyn geljekde biologik nusgalarda koronawirus alamatlaryny gözlemekde ulanylmagy garaşylýan bu täze usulyň peýdalylygy alymlar tarapyndan A we S gepatitini anyklamakda subut edildi.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby