Microsoft kompaniýasy Microsoft Translator diller toparyna gazak diliniň hem girizilendigini mälim etdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň terjime edilýän diller toparyna 60-dan gowrak dil girizilen hasaplanýar.

Şeýlelikde, gazak dili – Microsoft terjime maksatnamalary, programmalary, Office maksatnamalary, Bing terjime gözleginiň, biznes we programma üpjünçiligini işläp düzmek üçin niýetlenen Azure Cognitive Services terjime merkeziniň dilidir.

KHBS bilen geçirilen brifingde “Bu gün biz dil meselelerini aradan aýyrmak maksady boýunça wezipelerimizi dowam etdirip, Microsoft Translator diller toparyna gazak dilini hem girizendigimizi hoşallyk bilen size mälim edýäris. Qazaqsha ýa-da Gazak dili diýip tanalýan bu dilde Gazagystanda, Günbatar Hytaýda, günbatar Mongoliýada, Russiýanyň günortasynda we dünýäniň beýleki böleklerinde 22 milliona ýakyn adam sözleşýär” diýilýär.

Ýatladyp geçsek, 2014-nji ýylyň 12-nji dekabrynda WikiBilim jemagat fondy Google kompaniýasynyň terjime hyzmatyna gazak diliniň hem resmi ýagdaýda girizilendigini yglan edipdi. Bugünki günde gazak dili bu terjime toplumynyň 109 diliniň biridir.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby