Daşary işler ministrliginde Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň agzasy – Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew bilen onlaýn gepleşikleri geçirildi. Duşuşyga şeýle hem senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow gatnaşdy.
Taraplar ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Häzirki wagtda Sankt-Peterburgyň kompaniýalary Türkmenistanda ýol-ulag düzüminiň, şol sanda sile garşy desgalaryň taslamasyny düzmek we gurluşygy ýaly ähmiýetli ugurlarda netijeli işleýärler, senagat, gämi gurluşygy, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri açylýar. Şu gezekki duşuşygyň barşynda taraplar ulag, gurluşyk we gurluşyk önümçiligi ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça takyk hereketleri kesgitlediler.
Dünýä derejesindäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, söhbetdeşler pandemiýanyň garşysyna göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.