Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dördünji tapgyry geçirildi.
Syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar halkara guramalarynyň we birleşikleriniň, hususan-da BMG-niň, ÝB-niň we ÝHHG-niň çäklerinde iki ýurduň oňyn hyzmatdaşlygyny belläp geçdiler. Fransuz tarapy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň, hususan-da sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak boýunça başlangyçlarynyň wajyplygyny belledi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi, şol sanda iş toparlarynyň işiniň işjeňleşdirilmegi barada bellenip geçildi. Ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýady ösdürmek babatdaky meseleler boýunça aýratyn pikir alşyldy.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada aýdyp, taraplar ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hem-de arheologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyga üns çekdiler. Mundan başga-da, taraplar kosmos we suw ulgamlaryndaky, şeýle-de Türkmenistanda fransuz dilini ýaýbaňlandyrmak ugrundaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.