Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele (COVID-19) garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ýurdumyzyň DIM-inde geçirilen brifinge ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Brifingde HHR-nyň, Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, ÝHGG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany çykyş etdiler.

Olar Türkmenistan tarapyndan ýiti ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça alnyp barylýan hereketlere, şonuň ýaly-da türkmen tarapynyň pandemiýa garşy göreş babatynda halkara meýdançalarynda öňe sürülýän we bu ugurda raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň, maksatnamalaryň we gurallaryň durmuşa geçirilmegine ygrarlydygyna ýokary baha berdiler.