Futbol boýunça Dünýä çempionaty 2022-nji ýylda katar döwletinde geçiriler. Bu abraýly sport ýaryşyny üstünlikli geçirmek üçin gurulýan stadionlaryň 3-njisi bolsa ine ýaňy-ýakynda gurlup gutaryldy. “The Education City Stadium” diýlip atlandyrylan bu stadion Doha şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Stadion 45 müň tomaşaça niýetlenendir. Ady agzalan sport ýaryşyny geçirmek üçin döredilen ýörite komitetiň habar bermegine görä, stadionyň açylyş dabarasy 15-nji iýunda bolar. Dabarada koronowirus pandemiýasy döwründe möhüm işleri ýola goýmakda uly goşant goşan işçilere minnetdarlyk bildirler we bular janly ýaýlymda halk köpçüligine ýetiriler. Şeýle hem, bu dabarada sportuň geljegi, ruhy sagdynlyk we koronowirusdan soňky döwürdäki janköýerleriň ýagdaýlary hem ara alnyp maslahatlaşylar.
Gündogar ýurtlarynyň içinde birinji bolup dünýä çempionatyny özünde geçirýän Katar döwleti 8 sany stadiony öz wagtynda gurmak we bu sport ýaryşyny ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk hem-de gurluşyk işlerini gyzgyn depginler bilen alyp barýar. Bu hakynda Baş Komitet kätibi Hasan al-Tawadi şeýle diýýär: “Biz adatdakydan ýuwaş görnüşde işleri dowam etdirýäris. Ýöne biz infraulgam babatda oýunlardan öň taýyn bolmaga çalyşarys. Ýene iki stadionyň 80% işini tamamladyk we olary Katar-2022 başlanmagyndan ýarym ýyl öň doly ulanmaga tabşyrarys”.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby