Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda geçirilen mejlisinde şu aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda sapar bilen bolmagyň, ýerlerde galla oragynyň alnyp barlyşyny görmegiň, kabul edilen durmuş maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Milli Liderimiz gündogar welaýata ugramazdan öň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň depgini, şäher ilatynyň göwnejaý dynç alşy, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meselelere seredildi. Milli Liderimiz iş maslahatyny tamamlap, Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden Lebap welaýatyna ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna iş sapary başlandy
