11-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk düzümini kämilleşdirmek, degişli athanany gurmak, gök-bakja ekinlerini, miweçiligi ösdürmek, şeýle hem bu düzümlere degişli dynç alyş – sagaldyş merkezini bina etmek üçin niýetlenen ýerler we degişli taslamalar bilen tanyşdy.

Ir bilen döwlet Baştutany Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýakynda geçen mejlisinde berlen tabşyryklardan ugur alyp, ýerine ýetirilen işler, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän athananyň desgalarynyň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty kabul edip, athananyň taslamalary we ýerleşjek ýerleri barada maglumat berýän çyzgylar bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin gurulmagy meýilleşdirilýän dynç alyş-sagaldyş merkeziniň ýerleşjek ýerleriniň taýýarlanandygy barada hasabat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow desganyň ýerleşişi bilen tanşyp, bu ýerde ulularyň we çagalaryň göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Hasabatyň çäklerinde bu giňişlikde harby we hukuk goraýjy edaralaryň her biriniň miweli baglary, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer bölekleriniň berlendigi barada giňişleýin maglumatlar aýdyldy we degişli çyzgylar görkezildi. Onda miweli baglaryň alma, erik, şetdaly, armyt, garaly, hurma we aýwa ýaly görnüşleri ekiler.

Soňra milli Liderimiz ak mermerli Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Döwlet münberiniň ýanyndaky Baş meýdança geldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli dabaraly ýörişleriň guralýan künjeginiň abadançylyk derejesine möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guraljak baýramçylyk çärelerine, aýratyn-da, harby ýörişe häzirki günlerden ykjam taýýarlyk görmek, möhüm syýasy ähmiýeti bolan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berdi.