12-nji iýunda Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary güýzlük bugdaý oragyna girişdiler.

Daşoguz welaýatynyň bugdaý ýetişdirilen meýdany 145 müň gektara barabar bolup, şonça ýerden gallaçylar 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerinde özüni oňat görkezen bugdaýyň ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler.

Galla — 2020-de däne orujy kombaýnlaryň 449-sy, esasan, ABŞ-nyň «John Deere» hem-de Germaniýanyň «CLAAS» kompaniýalarynyň kombaýnlary ulanylar.

Orak döwründe göçme abatlaýjy-mehaniki toparlaryň 117-si gallaçylara gije-gündizleýin hyzmat edip, olary hemme zerurlyklar — ýangyç, çalgy-ýag serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyklar bilen üpjün eder.

Meýdanlardan ýygnalyp alnan bugdaýy kabul ediş bölümlerine daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 2245-si üpjün eder. Guradylandan we deslapky arassalanandan soň dänäniň bir bölegi tohumlyk üçin goýlar, galan bugdaý bolsa un üçin gaýtadan işleniler, şeýle hem Görogly, Boldumsaz, S.Türkmenbaşy adyndaky we beýleki etraplardaky elewatorlarda saklanylmaga goýlar.

Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, olaryň döwlet buýurmasy 80 müň tonna dänä barabardyr. Günbatar sebitde 50 müň gektar ýer, esasan, Serdar hem-de Bereket etraplarynyň daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerleri güýzlük bugdaý üçin bölünip berildi. Bu ýerde hem doly bahaly hasyly ösdürip ýetişdirmek üçin — meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi, agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi we güýzlük bugdaýa ideg ediş çäreleriň geçirilmegi babatda köp işler amala aşyryldy.

Bugdaýy kabul ediş bölümlerine daşalmagyny ýük awtoulaglarynyň 900-si üpjün eder. Orak döwründe göçme abatlaýjy-mehaniki toparlaryň 26-sy işlär. Däne orujy kombaýnlaryň bolsa 180-si ulanylar.