DIM-de sanly wideomaslahat görnüşinde türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça orunbasary J.Henik gatnaşdy.

Synyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň özara hereketleriniň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şol sanda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlar, şonuň ýaly-da, pandemiýa ýagdaýlarynyň durmuş-ykdysady ulgamyna ýetirýän täsirlerini ýeňip geçmek boýunça bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda diplomatlar Türkmen — Amerikan Işewürlik geňeşiniň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem garadylar. Koronawirus zerarly ýüze çykan häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, türkmen tarapy amerikan kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistanyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň güýzünde wideomaslahat görnüşinde işewürler duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.