Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fonteles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri geçirildi.
Duşuşygyň barşynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly meseleler, şeýle hem ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çygrynda Ýewropa Bileleşiginiň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ileri tutulýan garaýyşlary beýan edildi hem-de türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň meýdançalarynda we beýleki köptaraplaýyn görnüşdäki gepleşiklerde öňe sürýän sebit hem-de halkara başlangyçlarynyň birnäçesi bellenilip geçildi.