Içerki we daşarky kapitallary, girdeýjileri 190 milliard dollara ýeten “Tesla” dünýädäki iň gymmat awtomobil kompaniýasyna öwrüldi. “Blomberg” neşiri tarapyndan mälim edilişine görä, Ilon Mask kompaniýasynyň aksiýalarynyň bir ülüşiniň nyrhy müň dollardan geçdi. Ýagny, ýylyň başynda “Tesla”-nyň bir sany aksiýasyny 420 dollardan satyn almak mümkin bolan bolsa, indi onuň gymmaty 1025 dollara ýetdi. Netijede alty aý içinde “Tesla” aksiýa eýeleriniň kapitaly 2,5 esse artdy.
Reýtingiň ikinji basgançagynda “Toyoto” (182 milliard dollar), üçünji orny bolsa “Volkswagen” (75 milliard dollar) eýeledi. Öňdäki bäşlikden bolsa “Honda” (48 milliard dollar) we “Daimler AG” (41 milliard dollar) ýer aldylar.
Beýan edilmegine görä, “Tesla” aksiýalarynyň munuň ýaly ösüşi Hytaýda elektromobillere bolan talabyň artmagy bilen baglydyr. Şu sebäpli kompaniýa Şanhaýda açylan ýene bir zawodyň işini ýola goýdy we bu ýerde ýyl ahyryna çenli 100 müň awtomobil öndürilmegi meýilleşdirilýär.