Koronowirus pandemiýasy sebäpli bu ýylky BMG-niň Baş Assambleýasy wizual görnüşde geçirilýän boldy. Bu ýagdaý üns beren bolsaňyz taryhda ilkinji ýüze çykýar.  BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki dowam edýän mejlisiniň başlygy Muhammed Bande gurama agza döwletlere ýüzlenip şeýle diýýär: “Bu ýynagyň geçiriliş wagty her ýylda bolşy ýaly, 22-29-njy sentýabrda bolar. Emma onda döwletleriň ýolbaşçylarynyň öňünden ýazylyp alnan wideo ýazgylary görkeziler. Meniň pikirime görä, koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara syýahatlaryna we uly göwrümdäki ýygnaklara goýulýan gadagan etmeler 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda hem dowam eder.

BMG-ä agza ýurtlaryň prezidentleri, hökümet ýolbaşçylary ýa-da başga jogapkär şahslary assambleýa başlanmagyndan azyndan bäş gün öň özleriniň ýazyp alan nutuklaryny gurama ibermekleri gerek”. Zalda her bir döwletden bir ýa-da iki sany wekil gatnaşmagy mümkin.

Maglumat üçin belläp geçsek, BMG-niň Baş Assambleýasy dünýädäki iň uly diplomatik ýygnanyşyk bolup, ol 1945-nji ýylda BMG döredilenden bäri ýekeje gezek hem galdyrylmandy. Ýöne bu mejlis iki gezek yza süýşürilipdi. Yza süýşürmeleriň birinjisi 1964-nji ýylda ykdysady krizis sebäpli, ikinjisi 2001-nji ýylda ABŞ-daky terrorçylykly hereketler sebäpli bolupdy.

 

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby