Gazagystanyň iň biri megapolis şäherleriniň biri birnäçe wagtdan bäri Nur-Soltan diýlip atlandyrylan öňki Astana şäherine ýene-de öňki ady gaýtarylyp berler. Bu hakda ýurduň hökümet wekili Kasymhan Nurdauletow “Nursultanskiý proswet” gazetine beren interwýusynda belläp geçýär.

Nurdauletow parlament palatalarynyň goşma mejlisinden soň şeýle diýýär: “Bu adalatly we dogry karar. Biz Nursoltan Nazarbaýewiň Astana üçin näçe güýç we energiýa sarp edenini gowy bilýäris. Bilýäňizmi, Astana – Akmola welaýatynyň öňki merkezidi. Göz öňüňize getirip görüň, bugünki günde Astana şäheri Merkezi Aziýa sebitinde ykrar edilen halkara merkezlerinden biridir. Döwrebap Astana juda owadan we ösen şäher. Bularyň hemmesi öňki döwlet ýolbaşçymyzyň şahsy goşantlary netijesinde ýerine ýetirildi. Şeýle bolsa-da, biz Kasym-Jomart Kemelewiçiň hemme gazagystanlylaryň söýýän şäheriniň öňki taryhy adyny gaýtaryp bermek kararyny dogry we esasly hasaplaýarys. Ony goldaýarys. Bu karar bilen bütin şäheri we gazagystanlylary gutlaýarys”.

Neşiriň berýän habarynyň ahrynda aýdylmagyna görä, Astana şäheri üçin çykaryljak kararyň güýje girmegi üçin döwletiň konstitusiýasyna ýene-de özgertmeler girizmek gerek bolar.

 

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby