Fransiýa Ýewropa bileleşigi döwletleri we başga-da birnäçe Ýewropa döwletlerinden gelýän syýahatçylar üçin serhetlerini açjakdygyny mälim etdi. Resminamalarda bellenilmegine görä, “Fransiýa Ýewropa komissiýasynyň maslahatlary bilen 15-nji iýun sagat 00:00-dan başlap döwlet içindäki serhetlere goýlan çäklendirmeleri goýbolsun eder”

Mälim bolşy ýaly, 15-nji iýundan başlap Ýewropa Bileleşigine agza döwletler Andorra, Islandiýa, Monako, Norwegiýa, Lihtenşteýn Şweýsariýa, Watikan, Sen Marten, San-Marino ýaly ýurtlarynyň ilatyna Fransiýa hiç hili çäklendirilmesiz girip bilerler.

Emma Fransiýa barmakçy bolýan Ispaniýa we Beýik Britaniýa ilatyna goýlan çäklendirmeler häzirlikçe saklanyp galar. Ýatladyp geçsek, Fransiýada 23-nji maýdan bäri dini däp-dessurlary ýerine ýetirmek we şol maksatly çärelere üýşmek üçin rugsat berlipdi.

 

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby