Nemes hökümeti serhetlerde ähli çäklendirmeleri doly derejede aýyrdy, bu barada TACC-a salgylanmak bilen mir24.tv habar berýär.
15-nji iýunda Germaniýa hem giriş, hem çykyş üçin pandemiýadan öňki režimindäki ýaly serhetleri açdy. Şeýle-de, ÝB-niň we Şengeniň 29 agza-ýurtlary bilen awiaaragatnaşyklar dikeldildi. Ýewropanyň çäginden daşardaky 160-dan gowrak döwletlere gitmekde duýduryşlar 31-nji awgusta çenli saklanylýar. Bu Germaniýanyň ýaşaýjylarynyň rugsat günlerini Afrikanyň, Aziýanyň we Amerikanyň ýurtlarynda geçirip bilmejekdigini aňladýar. Sentýabra çenli haýsydyr bir ýurtda epidemiologik ýagdaý ep-esli gowulaşsa, çäklendirmeleriň birneme aýrylmagy hem mümkin.
GFR daşary ýurtlara hökmany bolmadyk gatnawlara çäklendirmeleri 17-nji martda girizdi. Şondan bäri serhetlerde federal polisiýanyň 6 müň işgäri nobatçylyk etdi. Soňky üç aýda GFR-e tas 200 müň adam goýberilmedi.
Serhetleri açmak bilen, hökümet koronawirusyň ikinji tolkuny bolan ýagdaýynda GFR-niň raýatlarynyň watanyna öz güýji bilen dolanmaly boljakdyklaryny duýdurdy. Germaniýa COVID-19 sebäpli ilkinji çäklendirmeleri girizen wagtynda, hökümet 240 müňden gowrak adamyň Germaniýa dolanyp bilmegini ýola goýdy. Bäş hepdäniň içinde olar watanyna getirildi. DIM-de ikinji gezek hökümetiň şeýle aksiýany geçirip bilmejekdigini duýdurdylar. “Bild” neşiriniň hasaplamasy boýunça, Germaniýa öz raýatlaryny yzyna dolamaklyga 100 mln ýewrodan gowrak sarp etdi.
ARD kanaly GFR-iň hökümetiniň pandemiýa başlanandan we serhetler ýapylandan soň serhetlerden getiren raýatlaryna hasap iberjekdigini habar berdi. German DIM-de raýatlaryň konsul hyzmatary baradaky kanunyň esasynda şeýle aksiýalary maliýeleşdirmäge gatnaşmalydygyny bellediler. Her bir raýatyň näçe tölemelidigi anyklaşdyrylanok. Ýöne baha ykdysady klasyň petekleriniň bahasy bilen deň bolar diýlip çaklanylýar. Ol ýoluň uzaklygyny we petekleriň ortaça bahasyny hasaba almak bilen kesgitleniler.
Ýurtda muzeýler, fitnes-klublar, açyk asmanyň astyndaky suw howuzlary, kenarýaka, myhmanhanalar, syýahatçylar bazasy, restoranlar, barlar, dükanlar, çagalar bagy we mekdepler işleýär. Ýöne şunuň bilen birlikde sosial gatnaşyklara çäklendirmeler heniz hereket edýär. 10-dan köp bolman ýygnanyşmaga ýa-da iki hojalygyň birleşmegine rugsat berilýär.