Hytaýda iýunyň başyndan bäri dowam edýän suw joşmasy netijesinde 228 müňden gowrak ilat öýüni taşlap gitmäge mejbur boldy. Ýerli häkimiýet edaralarynyň berýän maglumatlaryna esaslanyp “Associated Press” neşiriniň habar bermegine görä, heläkçilik sebäpli 14 adam aradan çykypdyr. Şolardan alty sanysy Guansi, ýene-de ýedi sanysy bolsa Hunan prowinsiýasynda heläk bolupdyr. Ýede-de bir adam dereksiz ýitendigi hakynda aýdylýar.
Öýlerini taşlap giden ähli raýatlar wagtlaýyn gonalgalara ýerleşdirildi. Deslapky hasabatlara esaslansak, häzirki wagtda daşgyn sebäpli müňden gowrak öýler weýran boldy. Suw joşmalary sebäpli Hytaý ýurdunyň çeken zyýany bolsa azyndan 500 million dollardyr diýip pikir edilýär.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby